Döwletli ýörelgeleriň dowamaty

10 Sentýabr 2024
63

Bu ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Halkynyň ýürek telwasyny şygyrlarynda beýan edip, «Berkarar döwlet istärin» diýen beýik şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşap, döredijilikli zähmet bilen eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bagtdyr. Biziň bu günki ýeňişlerimizem, üstünliklerimizem jan Watanymyz Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz döwletimizde ildeşlerimiziň agzybirligine, döredijilik başarnygyna daýanyp, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerine eýerip, ösüşiň milli nusgasy bilen öňe sary ilerleýäris. Şu günler ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giňden taýýarlyk görülýär.

Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksatlaryndan ugur alnyp döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudygy bellenilýär. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär, halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzda raýatlaryň durmuş taýdan goragly, jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmegiň netijeli ulgamy kemala getirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik birleşikleri jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlaryny kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerini ösdürmek, halky umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligi pugtalandyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar.

Güýçmyrat HYDYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar