Daýhan mert — ýer jomart

6 Sentýabr 2024
44

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri çykyş edip, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme doly taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar