Synmaz sütün

5 Sentýabr 2024
417

Dana Pyragy eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň ruhuny beýgeldip gelýän milli şahyrdyr. Ol halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edip, nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen manyly goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde beýik Pyragynyň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Çünki söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň kalbynda hemişelik orun alan, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydalarda ýaşaýan Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň öçmejek çyragydyr. Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň, ýagny tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Şeýle hem medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalar ulanylandyr. Mundan başga-da toplumda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr.

Rahmandurdy GYLYJOW,
Daşoguz şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar