Taryhy maslahatyň bosagasynda

5 Sentýabr 2024
80

Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny giňden belläp geçer. Naýbaşy baýramymyzyň toý öwüşginleri eýýämdan ähli oba-kentlerimiziň, şäherçedir şäherlerimiziň keşbinde aýdyň duýulýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň wekilleri şu günler etrabyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, bilim ojaklarynda, oba ýerlerinde geçirýän wagyz-nesihat işlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, häzirki eşretli durmuşymyzyň gadyr-gymmaty barada ýaşlara täsirli gürrüň berýärler. Şeýle duşuşyklarda ýakyn günlerde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny hakda aýratyn bellenip geçilýär.

Baýramgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar