Biraýlygyň çäginde täsirli çäreler geçirilýär

5 Sentýabr 2024
79

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi bilen baglylykda, Sarahs etrabynda hem biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat we öwüt-ündew ediji çäreler giň gerim alýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi tarapyndan umumybilim berýän mekdeplerde we çagalar baglarynda geçirilýän çäreler uly gyzyklanma döredýär.

Wagyz-nesihat häsiýetli çärelerimizde ýurdumyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusyndaky gürrüňe üns berýäris, günsaýyn döwrebap keşbe beslenýän ýollarda hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigi hakda gürrüň edýäris. Ýaş nesliň köçe-ýol hereketiniň kadalary boýunça düşünjesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan wagyz-nesihat çärelerimizde çagalar bilen özara sowal-jogap alyşmalara hem orun berýäris. Biraýlygyň dowamynda körpeleriň arasynda surat bäsleşiklerini hem geçirmegi maksat edinýäris.

Batyr NARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar