Bizem talyp bolduk

3 Sentýabr 2024
658

Jahan AZATGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:

― Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher barada kän okasam hem, eşitsem hem, şäheriň gözelliklerini «mawy ýaýlymdyr» gazet-žurnallardaky suratlarda synlasam hem, ykbalym, hünär ýolum bu şäher bilen bagly bolar öýdüp pikir etmeýärdim. Ýöne şäherde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygy baradaky habary eşidenimden, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak höwesi oýandy. Şeýlelikde, orta mekdebiň gutardyş synpyny hut şu akademiýada okamak arzuwy we bu arzuwymy amal etmek üçin taýýarlyk bilen geçirdim. Bu gün bolsa men söýgüli bilim ojagymda talyplyk dünýäsine gadam goýýaryn.

Beýleki habarlar