Kadalary berjaý edeliň!

2 Sentýabr 2024
72

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýada ýolagçy bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan howpsuzlygy berjaý etmegiň düzgünleri barada giňden durup geçdiler. Şeýle-de biraýlygyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi tekrarlanyldy. Halkymyzyň saglygy, howpsuz ýaşaýşy barada alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirilip, janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar