Ruhubelentlige beslendi

2 Sentýabr 2024
492

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Ak bugdaý etrabynyň orta mekdepleri ýaş nesil üçin gapylaryny giňden açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminden soň 2024-2025-nji okuw ýylyna täze güýç bilen girişen ýaşlar, şeýle-de ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätlän 1-nji synp okuwçylary bilim ojaklarynda mähirli garşylandy. Şu mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar ýaş nesliň şatlygyna şatlyk goşdy.

Etrapdaky orta mekdeplerde geçirilen dabaralarda ruhubelentlik alamaty höküm sürdi. Şol dabaralar ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän çagalar, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, hormatly kärde zähmet ýoluna başlan ýaş hünärmenler üçin aýratyn ýatda galyjy boldy.

Aýnagözel NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar