Intelligent adam nähili bolmaly?

1 Sentýabr 2024
44

 Aka­de­mik DMIT­RIÝ LI­HAÇ­ÝOW

Köpler kän okan, gowy bilim alan (ylaýta-da, ynsanperwer ugurdan), köp syýahat eden, birnäçe dili bilýän adamy intelligent hasaplaýarlar. Sanalanlaryň hemmesi bolaýanda-da, ol heniz intelligentlik üçin ýeterlik däldir. Uly hasap boýunça agzalýan bu zatlar sende bolmaýanda-da, içki dünýäň boýunça intelligent bolup bolar. Intelligentlik diňe bilimde, özgelere düşünmek başarnygyňda däldir. Ol set müňlerçe owunjak zatlardan: medeniýetli jedelleşip bilmek başarnygyňda, saçak başynda özüňi salyhatly alyp barmakda, başgalara bilingisiz (diňe bilingisiz) ýagdaýda ýardam etmekde, tebigata aýawly çemeleşmekde, öz töweregiňi hapalamazlykda — çilim galyndylary ýa-da paýyş sözler, bor-bolgusyz pikirler bilen (eýsem, bular nä hapa dälmi, onda-da, gör, nähili!) hapalamazlykda. Men rus Demirgazygynda hakyky intelligent daýhanlary gördüm. Olar öz öýlerini haýran galaýmaly derejede päkize saklamagy, gowy adamlara gadyr goýmagy, bolan wakalary (ýagny özleri we başgalar baradaky bolan-geçenleri) gürrüň bermegi başarýarlar. Kemi-kösti dagy ýok diýilýän günema bilendiler. Myhmansöýer, salam-helikli, özgeleriň gaýgy-hasratyna hem şatlygyna şärikdiler. Intelligentlik — bu düşünmeklik we kabul edip bilmeklik. Bu dünýä we adamzada düşünmekdir.

Beýleki habarlar