«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanlarynda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdirler. Ata-babalarymyzyň döwlet gurup, bir supraň başynda toplanan gününden bäri jemleşip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilip gelinýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Döwletimizde halk bilen geňeşmek, halk maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi asylly däbe öwrüldi.