Ussatlyk ýolunda

30 Awgust 2024
474

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, millionlaryň söýgüli oýny bolan futbolyň ösmegi, kämil futbolçylaryň kemala gelmegi babatda hem uly aladalar edilip, nusgalyk şert-mümkinçilikler döredilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda gurlup, ulanmaga berlen ajaýyp stadionlar bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda barha kämilleşýän futbolçylarymyzyň daşary ýurtlaryň toparlarynyň düzümine çagyrylmagy hem adaty ýagdaýa öwrüldi. Elbetde, şeýle çakylyklaryň gelmegi biziň türgenlerimiziň zehin taýdan tapawutlanýandygyny görkezýän aýratynlykdyr. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew hem şeýle futbolçylaryň biridir. Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edýän ildeşimiz bilen sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly guran söhbetdeşligimizi okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris.

– Teýmur, ilki bilen doglan, önüp-ösen ýeriň, futbola gadam goýşuň, ilkinji halypaň hakynda aýdaýsaň!

Beýleki habarlar