Mekdepden şu güne (Durmuş we biz)

30 Awgust 2024
99

Niçikmi: «Öýde oturaýyn» diýip arkaýynlaşsam, maňa-da bir zat tapylaýýar. Ýene bazara gitmeli boldum. Kompýuterimiň kuwwatlandyryjysy ençe gün bäri gyzsa-da, üns bermedim. Ahyr döwüldi olam. Ussa äkitsemem, haýry bolmady. «Täzesini alaýsana!» diýip dur. Işdeş oglanlara jaň etsem, olaram şony maslahat berdiler. Öýden howul-hara çykamsoň, daşyna daşlygynam alaýmandyryn, seretsem, bazaryň orruk ortarasyndan kompýuterimi goltugyma gysyp barýan. Mekdep başlajak günleri has ýakyna gelensoň, adamlardan ýaňa töwerekde aýak basara ýerem ýok. Hiç kimiň hiç kim bilen işem. Satyjylardyr alyjylaryň gowrunyň arasyndaky: «Ene, gündeligem almalydyrys!», «Pozgujy ýatdan çykarypdyrys-a, kaka?!» diýýän çaga seslerine diň salyp barşyma, tasdanam olaryň birine öwrülipdim.

Şol barmana-da atasyna täze alnan torbasyny görkezip duran oglanjyga gytagymy aýladym. «Gutly bolsun-ow! Baý, kakasy bu ogluny gowy görýär-ä! Görýäňmi, gaty owadan torba-da alyp beripdir muňa!». Ýaşulynyň bu sözlerinden soň ýaňky oglanjygyň ýylgyryşyny bir görsediňiz. Uçaýjak bolýar. Haýdabam depderlerini görkezýär. Ýaşuly ýene öwgüsini ýetirýär: «Tüweleme-tüweleme, bu depderleriň içini bäşlikden doldurmak galaýypdyr-da onda saňa?!».

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar