«Ýu­waş gel­niň» ga­ýyn ata­sy

30 Awgust 2024
90

Ýer ýü­zün­de kesp-kär, hü­när köp. Me­ge­rem, şol kesp-kär­le­riň, hü­när­le­riň ta­kyk sa­ny­ny aý­dyp bil­jek adam ta­pyl­ma­sa ge­rek. Bir ha­ky­kat we­lin bi­ze aýan, is­len­dik hü­nä­ri ilik-düw­me öw­ren­ýän, şol hü­nä­ri öm­rü­ne hem­ra edi­nip, at-ab­ra­ýa we şöh­ra­ta bes­le­ýän adam­lar bar. Il ara­syn­da ola­ra «Öz kä­ri­niň us­sa­dy» di­ýil­ýär. Hal­ky­myz­yň arasynda te­bi­gy ze­hin­ler köp. Akt­ýor­çy­lyk ug­run­dan düý­bün­den dü­şün­je­si bol­ma­dyk, em­ma te­bi­gy ze­hi­ni bi­len ki­no sun­ga­ty­na ara­laş­yp, halk köp­çü­li­gi­niň aňyn­da mü­di­mi­lik gal­ýan ar­tist­le­ri­miz hem bar. Şo­la­ryň bi­ri hem türk­men ki­no sun­ga­ty­na tö­tän­le­ýin ara­la­şan Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Şü­kür Ku­ly­ýew­dir.

Şü­kür Ku­ly­ýe­wi halk köp­çü­li­gi, esa­san, 1970-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­len «Ýu­waş ge­lin» at­ly film esasynda ta­na­ýan bol­sa­lar ge­rek. Şü­kür aga bu film­de ýu­waş gel­niň ga­ýyn ata­sy­nyň keş­bi­ni us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp, halk köp­çü­li­gi­niň göw­nün­den tur­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Şol keş­bi dö­re­den­den soň ki­no­re­žiss­ýor­lar Şü­kür Ku­ly­ýe­wi hiç hi­li sy­nag­dan ge­çir­mez­den öz su­ra­ta dü­şür­ýän film­le­rin­de keşp jan­lan­dyr­ma­gy yna­nyp­dyr­lar. Beý­le uly yna­myň di­ňe ýek-tük ar­tist­le­re bil­di­ril­ýän­di­gi­niň özi-de Şü­kür Ku­ly­ýe­wiň us­sat­lyk de­re­je­si­niň ju­da ýo­ka­ry­dy­gy­ny su­but ed­ýär.

Beýleki habarlar