Kör­pe­le­riň ha­la­ýan ta­ga­my

30 Awgust 2024
76

Şo­ko­lad kör­pe­le­riň iň ha­la­ýan ta­ga­my bol­sa ge­rek. Bu süý­ji iý­mi­tiň ata Wa­ta­ny Mek­si­ka ha­sap­lan­ýar. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek 2600 ýyl ozal ko­kos­dan şo­ko­lad ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar. Gü­nor­ta ame­ri­ka­ly­lar il­kin­ji bo­lup, ka­kao miwesinden şo­ko­lad al­ýar­lar. Il­ki­baş­da şo­ko­lad su­wuk ta­gam bo­lup, bu içim­lik da­ba­ra­lar­da we baý­ram­çy­lyk­lar­da içi­lip­dir. XVI asyr­da is­pan sy­ýa­hat­çy­la­ry Ame­ri­ka sy­ýa­hat eden­le­rin­de as­tek­ler ola­ra şo­ko­lad­ly içim­lik­leri hö­dür ed­ýärler. Üýt­ge­şik ta­gam­ly bu içim­li­gi Ýew­ro­pa­da taý­ýar­la­mak üçin is­pan­lar ka­kao miwesiniň dä­ne­le­ri­ni ýa­ny bilen alyp gaýd­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, şo­ko­lad Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da meş­hur içim­li­giň bi­ri­ne öw­rül­ýär.

Şo­ko­lad sö­zi as­tek di­lin­de «tur­şy içim­lik» diý­me­gi aň­lad­ýan «xocoatl» sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Mek­si­ka­nyň ýer­li hal­ky ha­sap­lan­ýan as­tek­ler bu içim­li­ge dür­li ys­ly ot­la­ry, gül­le­ri go­şup hem taý­ýar­lap­dyr­lar. Is­pan­lar ajy ta­gam­ly bu içim­li­gi şe­ker go­şup, süý­ji iýmite öw­rüp­dir­ler. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş ga­ty şo­ko­lad il­kin­ji ge­zek 1650-nji ýyl­lar­da Ang­li­ýa­da peý­da bol­ýar. Şol ýyl­lar Ýew­ro­pa­da şo­ko­lad sat­ýan dü­kan­lar açy­lyp baş­lan­ýar. 1700-nji ýyl­lar­da iň­lis­ler bu ajy iý­mi­ti süýt go­şup taý­ýar­lap baş­la­ýar­lar. Süýt­li şo­ko­lad­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len is­leg has-da ýo­kar­la­nyp, şo­ko­la­dyň mi­we­li, ir-iý­miş­li gör­nüş­le­ri hem ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar.

Beýleki habarlar