Öküz­ler ha­ky­kat­da­nam gy­zyl reň­ki ha­la­ma­ýar­my?

30 Awgust 2024
77

Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­sin­de sü­ri­ni ýa-da maş­ga­la­sy­ny er­ke­gi go­ra­ýar. Süý­dem­di­ri­ji­le­riň er­kek jyns­ly­sy has duý­gur we ga­har­jaň bol­ýar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si özü­ne de­giş­li çä­ge ke­se­ki­le­ri sal­maz­lyk üçin bi­ri-bi­ri bi­len gö­reş­ýär­ler. Bu ýag­daý öküz­ler­de hem şeý­le bo­lup, köp­lenç ot­la­ýan meý­da­ny­ny we sü­ri­ni go­ra­mak üçin sü­süş­ýär­ler. As­lyn­da öküz­ler gy­zyl reň­ki bi­ziň gör­şü­miz ýa­ly saý­ga­ryp bil­me­ýär­ler. Se­bä­bi öküz­le­riň gö­zün­de gy­zyl reň­ki kes­git­läp bil­ýän öý­jük­ler ýok. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar gy­zyl, ýa­şyl ýa­ly reňk­le­ri saý­gar­ma­ýar­lar. Gy­zyl reňk öküz­le­re sa­ry bi­len çal reň­kiň ga­ryn­dy­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär.

Öküz­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry aň­ry­ýa­ny bi­len bil­ýän ma­ta­dor­lar (öküz bi­len gö­reş­ýän adam) bu jan­da­ryň ga­ha­ry­ny ge­tir­mek üçin dür­li emel­le­ri ulan­ýar­lar. Bir­nä­çe ge­zek gam­çy de­gen­den soň öküz meý­dan­ça­nyň için­de yl­gap baş­la­ýar. Şol wagt ma­ta­dor äpet şah­ly jan­da­ryň öňün­den çy­kyp, gy­zyl ýa­pyn­ja­ny eý­läk-beý­läk ed­ýär. Öküz ýa­pyn­ja ta­rap to­pul­ýan ýa­ly bo­lup, kä ge­çip gid­ýär, kä­te bol­sa ýa­pyn­ja­ny süs­ýär. Bu ýag­daý ökü­ziň gy­zyl reň­ki ha­la­ma­ýan­dy­gy bi­len bag­ly bol­man, gam­çy­la­nyp ga­ha­ry­nyň ge­ti­ril­me­gi hem-de mej­bur­lyk bi­len bag­ly­dyr.

Beýleki habarlar