Astronomlar köp ýyldan bäri beýleki asman jisimlerinde ýaşaýşyň alamatlaryny gözleýärler. Bu gözlegleriň netijesinde Marsda gadymy kölüň galyndylary tapyldy. Eridaniýa diýlip atlandyrylan kölüň, häzirki wagtda Ýerdäki ähli köllerden uly bolandygy bellenilýär. Ýewropa kosmos agentliginiň maglumatyna görä, milliardlarça ýyl ozal bar bolan bu kölüň meýdany 1 million inedördül kilometre barabar bolupdyr. Bu bolsa Hazar deňzinden üç esse töweregi uly diýmegi aňladýar. Astronomlar bu açyşyň Marsyň irki döwürlerde suwa baý bolandygyny görkezýändigini belleýärler. Kölüň häzirki ýerinde ýel sebäpli emele gelen depeler bar.
Bellenilişine görä, Mars Ýerden iki esse kiçidigine garamazdan, dartyş güýjüniň pesdigi sebäpli geologik aýratynlyklary has köp. Bu asman jisiminde planetamyzdakydan has köp jülgeler we wulkanlar bar.