Iň uly ikin­ji göw­her

30 Awgust 2024
45

Bots­wa­na­da dün­ýä­niň iň uly ikin­ji göw­he­ri ta­pyl­dy. Bu ýurt­da iş alyp bar­ýan Ka­na­da­nyň «Lucara Dia­mond» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li şah­ta­dan ta­pyl­an gym­mat ba­ha­ly da­şyň çy­ka­ry­lan wag­ty 2 müň 492 ka­rat­dy­gy mä­lim edil­di. 1905-nji ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da 3 müň 106 ka­rat­lyk «Cul­li­nan» at­ly al­maz ta­py­lyp­dy. Bu daş do­kuz bö­le­ge ke­si­lip­di. Soň­ky ta­py­lan göw­her Bots­wa­na­nyň paý­tag­ty Ga­bo­ro­ne­niň 500 ki­lo­metr de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ka­ro­we mag­dan kä­nin­den ta­pyl­dy. Bots­wa­na­nyň hö­kü­me­ti bu gym­mat­ly da­şyň ýurt­da ta­py­lan iň uly göw­her­di­gi­ni mä­lim et­di.

Mun­dan ozal 2019-njy ýyl­da şol şah­ta­da 1 müň 758 ka­rat­lyk daş ta­py­lyp­dy. Bu daş fran­suz «Louis Vuit­ton» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­me­dik ba­ha­dan sa­tyn al­nyp­dy. 2016-njy ýyl­da bu ýer­den ta­py­lan 1 müň 109 ka­rat­lyk al­maz 53 mil­li­on dol­la­ra sa­ty­lyp­dy.

Beýleki habarlar