Soňky ýyllarda kosmosda iş alyp barýan hususy kompaniýalaryň sany barha artdy. Indi kosmos giňişligi diňe aragatnaşyk we gözleg enjamlarynyň ugradylýan ýeri däl-de, eýsem, beýleki ylmy barlaglaryň giňden geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýle bolansoň, beýleki asman jisimlerinde hem dürli barlaglar geçirilýär. Alymlar Aýyň topragyndan suw almagyň usulyny oýlap tapdylar. Bu usul geljekde Ýeriň hemrasynda hemişelik ýaşaýşyň ýola goýulmagynda ähmiýetli hasaplanýar. Hytaýly alymlar 2020-nji ýylda Aýdan getirilen topragy ulanmak arkaly suw öndürmegiň ýoluny öwrendiler. Ýurduň «Chang’e-5» atly kosmos gämisi arkaly getirilen topragyň düzümindäki minerallarda köp mukdarda wodorodyň bardygy anyklandy. Alymlar toparynyň işi barada «The Innovation» atly ylmy žurnalda makala çap edildi. Makalada topragyň gyzdyrylanda onuň düzümindäki wodorodyň beýleki elementler bilen himiki täsirleşmä girip, bug emele getirýändigi bellenilýär. Alymlar 1 gram toprakdan 51-76 milligram suw öndürip boljakdygyny anykladylar. Bu bolsa, 1 tonna toprakdan 50 litr töweregi suw alyp boljakdygyny aňladýar.
Hytaýyň Kosmos agentligi 2035-nji ýyla çenli Ýeriň hemrasynyň günorta polýusynda beket gurmak isleýär. 2045-nji ýyla çenli bolsa, Aýyň orbitasynda aýlanýan kosmos bekediniň gurulmagy meýilleşdirilýär.