Dünýäniň iň garry erkek kişisi bolan Jon Tinniswud 112 ýaşyny doldurdy. 1912-nji ýylyň 26-njy awgustynda Angliýanyň Liwerpul şäherinde dünýä inen Tinniswud Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan berlen şahadatnama bilen surata düşdi. Ol rekord kitabynyň wekilleri bilen gepleşende, näme üçin şeýle uzak ýaşandygy barada hiç hili pikiriniň ýokdugyny aýtdy. Ömrüniň dowamynda «Liwerpul» futbol toparynyň janköýeri bolan Tinniswud ýurduň Sautport şäherinde garrylar öýünde ýaşaýar. Ol şu ýylyň aprel aýynda 114 ýaşly ispaniýaly Huan Wisente Peres Moranyň aradan çykmagy bilen dünýäniň iň garry erkek kişisi bolupdy. Ýaş wagty işjeň durmuşda ýaşandygyny aýdan Tinniswud köp ýörändigini belleýär. Ol özüniň beýleki adamlardan o diýen tapawutly däldigini, her kimiň uzak ýa-da gysga ömür sürüp biljekdigini, munuň bilen bagly adamyň elinden gelýän zadyň ýokdugyny aýdýar. Tinniswud uzak ýaşamak barada aýratyn syr bilmeýändigini aýdýar.
Ol janköýerlik edýän «Liwerpul» futbol topary döredilenden 20 ýyldan soňra dünýä inipdir. Klubuň häzire çenli gazanan 66 kubogyndan ikisinden galanyny görüpdir. Ol milli çempionatdaky ilkinji iki 2 çempionlygy (1901-1906ý.) görmändir.