Katar bilen Kuweýtiň arasynda suwuklandyrylan gaz şertnamasyna gol çekildi. Şertnama görä, Katar Kuweýte 15 ýyllap her ýylda 3 million tonna suwuklandyrylan gaz berer. Mundan ozal iki ýurduň arasynda bu ugurdaky ylalaşyga 2020-nji ýylda gol çekilipdi. Kuweýt elektrik energiýasyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin gazdan peýdalanýar. Ylalaşyga «QatarEnergy» hem-de «Kuwait Petroleum Corporation» (KPC) kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gol çekdi. Katar geljek ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Kuweýte täze şertnama görä gaz berip başlar.
Suwuklandyrylan gaz önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Katar häzirki wagtda ýyllyk 77 million tonna bolan önümçiligini 2030-njy ýyla çenli 142 million tonna çykarmagy meýilleşdirýär.