Soňky ýyllarda internet tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde köp işi uzakdan etmäge mümkinçilik döredi. Muňa, esasan, kompýuter arkaly ýerine ýetirilýän işler degişlidir. Indi yzda galan pandemiýa döwründe bolsa, bu ýagdaý has hem ýaýbaňlandyryldy, gerekli tehnologiýalar kämilleşdirildi. Netijede, köp adam diňe öýünde oturan ýerinde däl, dünýäniň başga bir künjeginde oturan ýerinde işini edip başlady. Hatda käbir adamlar gämide uzak aralyga syýahat edýän wagty hem işini etmegini dowam etdirýär. Şeýle adamlara «sanly çarwa» diýilýär. Aragatnaşyk infrastrukturasy ösen ýurtlar ýa-da şäherler «sanly çarwalar» üçin dürli wiza ýeňilliklerini girizip, syýahatçylyk pudagyny hem ösdürýärler. Ispaniýanyň Estremadura sebiti ýokary hünärli sanly ulgam hünärmenlerine 15 müň ýewro çenli maliýe goldawyny berýär. Güneşli ýurt bolan Ispaniýanyň bu sebitine barýan syýahatçylaryň sany beýleki ýerlerine garaňda az. Şol sebäpli awtonom sebitiň ýolbaşçylary bu ýeriň ýaşaýjylarynyň sanyny artdyryp, ykdysadyýeti ösdürmek isleýärler. Munuň üçin jemi 200 million ýewro bölünip berlipdir. Netijede, sebitde 200 sany ýokary hünärli işgäriň ýaşamagy gazanylar. Başga ýerlerden göçüp barjaklar üçin bu sebitiň amatly taraplarynyň biri hem ýaşaýşyň bahasynyň arzan bolmagydyr. Bu ýerde naharlanmak, jemgyýetçilik ulagy we jemagat hyzmatlary ýurduň paýtagty Madride garaňda 30 göterim arzan. Sebitiň ýolbaşçylary optiki süýümli we mobil internet aragatnaşygynyň tizliginiň ýurduň beýleki ýerlerinden has gowudygyny belleýärler. Üstesine bu ýeriň daglyk we owadan tebigaty bar. Ispaniýanyň beýleki ýerleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ýaşaýjylary hem bu ýeňillikden peýdalanyp bilerler. Olaryň azyndan iki ýyl ýaşamaga wada bermegi hem-de Ispaniýanyň islendik ýerinde ýazga duran bolmagy ýeterlik. Zenanlar, 30 ýaşyna ýetmedik ýaşlar hem-de Estremaduranyň ilaty 5 müňden az bolan etraplarynda ýaşajaklar 10 müň ýewro, beýlekiler bolsa 8 müň ýewro maliýe kömegini alyp bilerler. Iki ýyldan soňra birinji kategoriýadakylar ýene bir ýyl ýaşamakçy bolsalar 5 müň ýewro, ikinji kategoriýadakylar 4 müň ýewro alyp bilerler. Täze maksatnamanyň geljek aýyň ortalarynda güýje girmegine garaşylýar.