Adalarda de­ňiz de­re­je­si beý­gel­ýär

30 Awgust 2024
44

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş de­ňiz de­re­je­si­niň beý­gel­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ýag­daý Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky ada ýurt­la­ry üçin tö­wek­gel­çi­lik dö­re­dip bi­ler. Ol mu­nuň öňü­ni al­mak üçin hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ula­ny­ly­şyn­dan el çek­mä­ge ça­gyr­dy. Ol bu ba­ra­da «Üýt­ge­di­ji we çy­dam­ly Ýu­waş um­ma­ny: has go­wu­sy­nyň gur­lu­şy­gy» ady bi­len Ton­ga Pa­ty­şa­ly­gyn­da ge­çi­ri­len fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da aýt­dy. Bu fo­rum 53-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň sarp edil­me­gi­niň ug­le­ro­dy bö­lüp çy­kar­ýan­dy­gy­na, mu­nuň suw de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­tir­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. BMG-niň bu ba­ra­da taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da 1990-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Ton­ga­nyň paý­tag­ty Nu­kua­lo­fa­da de­ňiz de­re­je­si­niň 21 san­ti­metr beý­ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä­niň or­ta­ça gör­ke­zi­ji­sin­den iki es­se köp­dür. Şeý­le hem mag­lu­mat­da Sa­moa­nyň Apia şä­he­rin­de de­ňiz de­re­je­si­niň 31 san­ti­metr, Fi­ji­niň Su­wa şä­he­rin­de 29 san­ti­metr beý­ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär.

Gu­ter­riş iri kom­pa­ni­ýa­lar bi­len ösen ýurt­la­ryň kli­mat bi­len bag­ly yla­la­şyk­lar­da göz öňün­de tu­tu­lan ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di­gi­ni hem-de kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi­niň tä­sir eden ýurt­la­ry­na be­ril­ýän ma­li­ýe gol­da­wy­nyň köp muk­dar­da art­dyr­yl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.

Beýleki habarlar