Şu günler eziz Diýarymyzda bagtyýar ulus-ilimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu asylly ýörelge halkymyzyň milli döwletliligini, mertebesini has-da şöhratlandyryp, Garaşsyzlygyň türkmen üçin mukaddesdigini, bahasyz gymmatlykdygyny, oňa bolan mizemez garaýşyny ýene-de bir ýola dünýä äşgär eder. Halk Maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi bütin dünýäde dabaralandyrýar.
Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Täze taryhy döwrümizde hem döwletiň durmuşyndaky wajyp meseleler jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändiginiň subutnamasydyr.