Ýangyç-energetika pudagy özara gatnaşyklaryň esasy ugry

30 Awgust 2024
82

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni iki­çäk söh­bet­deş­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan et­di. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz işe­wü­ri myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mü­bä­rek­läp, şu ge­zek­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra dü­şü­niş­mek, yna­nyş­mak, hor­mat goý­mak esa­syn­da yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn esas­da, şeý­le hem BMG-niň, beý­le­ki iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Beýleki habarlar