Magtymgulynyň goşgularynda terbiýe

29 Awgust 2024
536

Ylym-bilim ulgamyndaky beýik özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar sowatlylykda we döredijilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaşlary dünýä ylmynyň iň täze gazananlary bilen tanyşdyrmakda, olarda täzeçe pikirlenmek endiklerini döretmekde geçirilýän dürli görnüşli bäsleşikleriň netijesi örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary bolsa bu ugurda nusgalyk edebiýatlardyr.

Nusgawy edebiýatymyz ynsana, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesle örän oňat täsir edýär. Durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, halkyň agzybirligini, jebisligini,  arzuw eden hakyky watançydyr. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz dünýä halklarynyň arasynda türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Welidat HUDAÝNAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar