«Oguznamalardan» gaýdýan owazlar

29 Awgust 2024
584

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyna gatnaşygy nesilbaşymyz Oguz han, onuň nesil daragty we oguz durmuşy hakynda ýazylan çeper eserler hökmünde dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «oguznamalaryň» dürli nusgalarynda beýan edilýär. Bu babatda oguznamaçylyk däbiniň taýsyz nusgasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda gymmatly maglumatlar bar.

Döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän bu meşhur eseriň baş gahrymany türkmenleriň baýat tiresinden bolan Garahoja ogly Gorkutdyr. Gorkut atanyň gopuz saz guralyny ýasandygy hakyndaky maglumatlar 1990-njy ýylda Almatyda neşir edilen «Halk mukamlarynyň sesi» atly kitapda aýdyň beýan edilýär. Onda şeýle diýilýär: «Rowaýatlara görä, Gorkut ata ilkinji gopuzy ýasapdyr we onda ilkinji sazy ýerine ýetiripdir. Ol jahana beýik we ajaýyp täsinligi — sazy sowgat beripdir. Gorkut atanyň gopuzy saz eçilende, tebigat aňk bolupdyr. Syrderýa akymyny haýalladypdyr, şemal togtapdyr, guşlar we jandarlar dymypdyrlar, adamlar edip oturan işlerini goýupdyrlar, hatda ölüm hem sazyň täsirine düşüpdir, saklanypdyr, Gorkut ata ýakynlaşyp bilmändir».

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar