Azerbaýjan BRIKS guramasyna girmek üçin resmi taýdan arza bilen ýüz tutdy. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy
habar berdi.
Azerbaýjanyň BRIKS-e girmegi bilen bagly başlangyç şu ýylyň 3-nji iýulynda Astanada geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde ýurduň Prezidenti Ilham Aliýewiň Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpin bilen bolan duşuşygynda öňe sürlüpdi. Indi bolsa bu başlangyç resmi görnüşde yglan edildi.