Asylly ýörelgelerimiziň dabaralanmagy

20 Awgust 2024
233

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ygrarly bolup, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini, giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz milli demokratiýamyzyň däplerine esaslanmak, ata-babalarymyzyň taryhy tejribesiniň gymmatlyklaryny täze döwrüň şertlerine laýyklykda ösdürmek arkaly halk häkimiýetliliginiň kämil nusgasyny kemala getirdi. Asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri geçen döwürde gazanylan ösüşlere baha berip, geljekki derwaýys wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolan umumymilli forumlardyr.

Täze taryhy döwrüň asylly däbine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde eziz Watanymyzda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine garalyp, döwleti, jemgyýetçilik durmuşyny has-da ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň giň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine kybap gelýär.

Daýanç REÝIMOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar