Nazarym kimýadyr...

20 Awgust 2024
165

Älemde heniz beýle abzal ýok, ýöne ynsan aňynda üýtgeşik bir ukyp bar. Ol ajaýyp pursatlary surata alýar-da, olary emaý bilen köňül töründe ýerleşdirýär. Kuýaş bolup dünýäňi ýagtyldýan şol pursatlar ynsan ömrüne many çaýyp, yhlasyna itergi, ylhamyna ganat berýär. Köňül çuňluklaryndaky etsem-goýsamlary gämikledýär, boýy ýeten arzuwlar hasyl berip başlaýar. Yhlasyňa görä maksat daragtynyň miwesinden dadyrýar.

Aý-günleriň aýlanyp, ýyllaryň çalşyp durmagy hem, gyşyň aňzagy ýa-da tomsuň epgegi hem, ýazyň çabgasy ýa güýzüň ýagny hem ol pursatlary hakydadan pozup aýryp bilenok. Ol ussat zergärleriň elinden çykan sünnälenen nagyş kibi ömrümize hem-de döwrümize çaýylan ykbal bezegidir. Durmuşyň duýdansyz sowgatlary, ömrüň ýakymly pursatlary belent maksatlarymyzyň ylham badalgasydyr. Köňlüň ugur alýan Kyblasydyr, kompasydyr. Menzilleri ynam bilen külterledýän joşgun bedewidir.

«Dünýä edebiýaty»
Beýleki habarlar