Şowly bolsun, dalaşgär!

19 Awgust 2024
135

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärler giriş synaglarynyň iň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. Ýaşlar dürli ugurlar boýunça geljegiň hünärlerini özleşdirmäge çalyşýarlar. Ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýaşlaryň ýüzlerçesi sanly tehnologiýalar, lukmançylyk, ykdysadyýet, ylym we innowasiýa ugurlary boýunça hünär öwrenýärler.

Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň giriş synaglary hem badalga alar. Orta hünär okuw mekdebiniň möhleti 2 ýyl bolup, bu ýerde talyplar buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek, jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy ýaly birnäçe ugurlaryň hünär eýeleri bolup bilýärler.

Bilbil GURBANOWA,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar