Çäksiz mümkinçilikleriň badalgasy

16 Awgust 2024
98

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy doly sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de ähli tapgyrlardaky okuwy elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara ülňülerine laýyk derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

Narmeňli JORAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 62-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar