Dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Köpasyrlyk taryhy kökler, medeni-ruhy umumylyklar we geografik taýdan ýakynlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna döwletara gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de gülläp ösýän sebit hökmünde bütindünýä ykdysadyýetinde mynasyp orun eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar.
Merkezi Aziýa sebiti Gündogaryň hem-de Günbataryň arasyndaky gadymy ýollaryň çatrygynda ýerleşip, ägirt uly energetika hem-de tebigy serişdelere, ulag-kommunikasiýa kuwwatyna eýedir. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gatnaşyklarda ykdysadyýete aýratyn orun degişlidir. Çünki dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, goňşy döwletleriň ýa-da bir sebitde ýerleşýän ýurtlaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegi tutuş sebitiň gülläp ösmegine ýardam berýär. Hut şoňa görä-de, geljegi uly adam maýasyna we tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan sebit hökmünde Merkezi Aziýa ösen döwletleriňdir halkara guramalaryň ünsüni çekýär.