Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

15 Awgust 2024
120

Jemal DIWANOWA,
Mary şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi:
— Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyz goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasynda saparda bolup, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegi hem iki dostlukly döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz oktýabr aýynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň meýilleşdirilýändigini hem-de häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini tassyklaýar. Bütin adamzadyň abadan durmuşyny nazarlaýan asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Seýran OGŞUKOW,
maýor:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Şu gezekki sammit taraplaryň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi.

Beýleki habarlar