9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, «ROTOBO» assosiasiýasy, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.