Täzelikler

15 Awgust 2024
127

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Innowasion tehnologiýalara daýanýan bu kuwwatly dokma kärhanasynda häzirki wagtda ýokary hilli nah ýüplükleriň 12-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Olardan 34-lik belgili nah ýüplükler has islegli önümleriň hatarynda tanalýar.

Önümçiligiň çig mal bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesinde fabrikde geçen iýul aýynda 2 million 335 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu görkeziji ýedi aýyň dowamynda 21 million 668 müň manatlykdan geçdi. Degişli döwürde 951 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanyldy. Fabrikde öndürilen 34-lik belgili nah ýüplükler Russiýa Federasiýasy, Belarus, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ugradyldy.

Beýleki habarlar