Çagalar hakynda alada — döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri

14 Awgust 2024
209

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak meselesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu günler diňe bir Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki teatrlarda, sirklerde, seýilgählerde däl, eýsem, Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ajaýyp dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de dürli dynç alyş çäreleri, konsertler geçirilýär, sahna oýunlary görkezilýär. Doly derejeli dynç almak, wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilen dünýä derejesindäki sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümini geçirmäge mümkinçilik alýan ýaş türkmenistanlylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu tomus olara russiýaly çagalar hem goşuldy. Olar Hazar deňziniň gözel kenarynda ýaýbaňlandyrylan “Awaza — dostluk mekany” atly çärelere gatnaşdylar. Onuň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekden, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr. Beýleki ýurtlardan gelen çagalara türkmen medeniýeti we sungaty, Watanymyzyň häzirki güni bilen tanyşmaga mümkinçilikleri döretmek, zehinli, bilimli çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, intellektual, ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hem çäräniň esasy wezipeleriniň biri boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar