Mekdep bazarlary: okuw ýylyna taýýarlyk

14 Awgust 2024
120

Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji güni — 1-nji sentýabr barha golaýlaýar. Birinji synp okuwçylarynyň we öň mekdebe gatnaýan çagalaryň ata-eneleri hem bu dabaraly güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Merkezi bazarlarda, köçeleriň ugrunda açylan ýörite mekdep bazarlarynda okuwçylaryň mekdebe zerur esbaplary alyjylara hödürlenilýär.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarda mekdep bazarlarynda saba säherden okuw esbaplarynyň gyzgalaňly söwdasy başlanýar. Göze gelüwli göçme söwda nokatlarynda mekdep okuwçylarydyr talyplaryň ýetip gelýän täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmekleri üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, okuw eginbaşlarynyň köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri bolan okuw esbaplary, kanselýariýa we beýleki dürli harytlar, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen eşikler, oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin reňkli köýnekler alyjylarda uly kanagatlanma döredýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar