Telefon arkaly söhbetdeşlik

14 Awgust 2024
122

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň düşünmek bilen kabul edilmegini haýyş etdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar