Hemmeleriň goşandy bolmalydyr
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz behişdi mekana öwrülýär. Türkmen halky eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar, gurýar we döredýär. Şeýle ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köçe-ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak maksady bilen wajyp wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygynyň, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň ygtybarly kepilidir.