Terbiýeçi-usulyýetçileriň usuly-amaly okuwlary geçirildi

14 Awgust 2024
426

Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän 163-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we terbiýeçi-usulyýetçileriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek babatdaky işler hakynda bellenildi.

Usuly-amaly okuwda şäherdäki 183-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Aýbibi Kümüşiýewa, 142-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Ogulkeýik Amanowa, 114-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gurbangül Nuryýewa, 163-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Gunça Bäşimowa dagy çykyş etdiler. Olaryň «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerini okuw-terbiýeçilik işinde ýerlikli peýdalanmagyň usullary», «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek» diýen temalardaky çykyşlary täsirli boldy. Şeýle hem çykyşlarda sapagy täsirli guramagyň usullary dogrusynda hem bellenildi. Kompýuter tehnologiýalarynyň ähmiýeti, slaýd şekilleri bilen işlemegiň we görkezme esbaplardan peýdalanmagyň netijeli taraplary barada özara maslahatlaşyldy.

Aýsenem Allaberdiýewa,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we bilim bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar