Bilim işgärleri pikir alyşýarlar

14 Awgust 2024
172

Şu günler Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar bilen dowam edýär. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralýan usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar.

Usuly-amaly okuwlarda bilim edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 ─ 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşýar. Usuly-amaly okuwlaryň barşynda her bir okuw dersi boýunça aýratynlykda çykyşlar diňlenilýär.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar