"Türkmenaragatnaşyk" agentligi günorta koreýaly LS Cable & System kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanda optiki kabelleri üpjün etmek we önümçiligini ýola goýmak meseleleri boýunça wideogepleşikleri geçirdiler.
Taraplar geljekki aragatnaşyklary ylalaşdylar we Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligi, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Günorta Koreýadaky LS zawodyna sapary barada maslahatlaşdylar. Bu barada SNG.TODAY Seuldäki türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.