Awazada dynç alýanlara döwrebap hyzmat edilýär

11 Awgust 2024
98

Iň bir ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan şu günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şolaryň hatarynda iň bir gelim-gidimli ýerleriň başynda durýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna barýanlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Deňziň jana tenekär howasy, dynç almak üçin guralan ýokary derejedäki şertler bu ýere gelýänleriň wagtyny diýseň şadyýan, gyzykly geçirmeklerini şertlendirýär. Ösen döwürde dynç alşyň bar ýerinde söwdanyň hem bolaýmalydygy hökmany kada öwrülen ýagdaýdyr.

Deňizde dynç almaga gelýänler üçin «Awaza» söwda merkezi hem ýokary derejedäki söwda hyzmatlaryny hödürleýär. Munuň üçin müşderiler
awazasowdamerkezi.com.tm websaýtyndan onlaýn sargyt edip, özlerine zerur bolan islendik önümi gysga wagtyň içinde getirdip bilýärler. Söwda merkezi bilen hasaplaşyk harytlar müşderä gowşurylandan soňra, nagt ýa-da bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Şiringözel ANNALYÝEWA,
TDEI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar