«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp geňeşip çözmek ýaly ata-baba ýol bolup gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir.