Hoşniýetli gatnaşyklaryň giňişligi

9 Awgust 2024
91

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda dünýä we sebit döwletleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär. Gatnaşyklaryň özara ynanyşmak derejesinde uzak geljegi nazarlamagyna bilelikdäki gepleşikleriň netijesinde gol çekilen resminamalar esas bolup durýar. Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmegine özara duşuşyklarda gol çekilen we tassyklanan resminamalar berk binýat hökmünde uly itergi berýär.

Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar