Şaýylyklary çykardy. Şu ýylyň 8-13-nji sentýabrynda Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gabatlap, Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi banky hümmeti 10 som bolan şaýylyklary çykardy. Şaýylyklar gyrgyz sporty «at çabyşa» bagyşlanan. Ýurduň çäginde resmi töleg serişdesi boljak şaýy pullaryň müň sanysy çykaryldy.
Egri boýunly žiraf tapyldy. Günorta Afrikanyň Krýuger milli seýilgähinde boýnunyň adatdan daşary deformasiýasy bolan žiraf tapyldy. Hünärmenler häzir bu adaty bolmadyk ýagdaýyň sebäbini anyklamakda kynçylyk çekýärler. Weterinar Sara Ferýuson bolsa, bu anomaliýanyň dogabitdi boýny egrilikden gelip çykýandygyny çaklaýar.