Bilermenler käbir endikleriň sagdyn durmuşda ýaşamak üçin peýdalydygyny belleýärler. Garramagyň gutulgysyzdygy hemmelere mälimdir. Şeýle-de bolsa, käbir endikler adamyň uzak ýyllap sagdyn ýaşamagyna ýardam edýär. «Nature» žurnalyndaky makalada bu endikler barada bellenilip geçilipdir. Ine, şol endikleriň käbiri:
Oňyn pikirlenmek. Haýsydyr bir zady ýagşa ýormak ýa-da meseläniň gowy tarapyny görmek adam saglygyna oňyn täsir edýär. Londonyň Patyşalyk kollejiniň hünärmeni Riçard Siowyň pikirine görä, erbet zatlaryň pikirini etmek saglyga oňaýsyz täsir edýär. Oňyn pikirlenmek adamyň gartaşmagy bilen bagly ýüze çykyp biljek keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Bu ýagdaý bedeniň gan aýlanyşynyň hem-de agramynyň kadaly bolmagyna ýardam edýär. Erbet zatlaryň pikirini etmek gan aýlanyşy artdyryp, adamyň tiz garramagyna getirýär.