Bilimler ýurdy

7 Awgust 2024
213

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde döredilen ýokary bilim edaralarynyň ýaş nesliň durmuşyndaky ähmiýeti juda ýokarydyr. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ýokary we ýörite orta hünär mekdepleriniň ençemesi döredildi. Häzirki döwürde kämil derejeli, döwrebap, ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamynyň älem giňişligine çykarylmagy bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşiniň ylmyň we bilimiň ösüş derejesi, täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy bilen kesgitlenilýändigi hemmämize mälimdir. Ýurtda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar we olar kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, bu ugurdaky maglumatlar ruhy baýlygymyzy, başarnygymyzy artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagymyza, jemgyýetimiziň ösüşine hem uly ýardam edýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda hem täze okuw ýylyna uludan taýýarlyk görülýär. Mekdepler okuwçylar üçin täze kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerini, ynsanperwer jemgyýetimiziň medeni derejesini we ruhy durmuşyny, aň-bilim kuwwatyny aýdyň şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki türkmen jemgyýetini durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ruhy ahlak taýdan özgertmek bilim ulgamynda milli mugallymçylyk däpleriniň we dünýä ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýan özgertmeleriň üstünligine gönüden-göni baglydyr.

Gurbangözel GURBANOWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar