«Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň uly höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi. Irden başlanan sport çärelerinden ruhlanan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sport çärelerinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy.
Soňra bu ýerde dynç alýan çagalar «Awaza» akwaparkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahnalarda mähriban dostluk, ajaýyp çagalyk döwri baradaky wakalar görkezildi. Soňra bu ýerde çagalaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary ýatda galyjy boldy. Çagalar erteki gahrymanlary bolan aýy, alabaý, towşanjyk, gurbaga, möjek, bars bilen bilelikde şatlandylar. Muňa Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.