«Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy»

6 Awgust 2024
154

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okap oturyşyma, onda tutuş bir bölümiň zähmete bagyşlanandygy ünsümi egledi. Soňra bu baradaky pikirler serimden telim günläp aýrylmady. Men muny zähmete bolan garaýyşlardyr gatnaşyklaryň düýpgöter üýtgändiginde, döwrüň tabynlygynda hem-de hökmürowanlygynda oňa forma we mazmun taýdan käbir üýtgetmeleriň girizilendiginde görýärin. Bir tarapdan, bärde ähli zat aýyl-saýyl we düşnükli. Çylşyrymly zat ýok. Emma bu töwerekleýin seredeniňde şeýle eken. Milli Liderimiziň kitaplaryna wagtal-wagtal ýüzlenýändigimiň ilkinji sebäbi hem şunda: agyp-dönüp duran pikirleriňe terlik berýän täze, dury çeşme tapylýar. Kitapda zähmet temasyna aýratyn üns berlip, ondan söz açylmagyny tüýs jüpüne düşen diýip hasaplaýaryn. Zähmetsöýerlik, onda-da halal zähmet, zähmet terbiýesi, zähmet göreldesi, zähmet endigi... — bular türkmen durmuşyny emele getirýän, milli häsiýeti kesgitleýän esasy aýratynlyklaryň biri ahyryn. Halk döredijiliginde zähmetsöýerlik ynsany bezeýän, ýagşy ýigide ýaraşýan beýleki asylly häsiýetler bilen deň hatarda goýulýar.

Göräýmäge, zähmet hakynda köp zat aýdyldy we ýazyldy. Bu babatda aýdyljak islendik täze söz diňe öňki pikirleri gaýtalaýjak ýaly bolup dur. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» bolsa mende bu tema batyrgaýlyk bilen ýüzlenmäge höwes döretdi. Sebäbi zähmet adamy adam edýär. Zähmetsöýerligi terbiýelemek bolsa aňsat iş däl. Zähmete bolan çemeleşme, garaýyş, ymtylyş hemişe üýtgäpdi, üýtgär we geljekde-de, gürrüňsiz, şeýle bolar. Ýöne «zähmet» diýlen zadyň özi üýtgewsizligine galar. Islendik netijäniň aňyrsynda, isle şowly bolsun, isle-de bişow, zähmet ýatyr. Bu ýerde gürrüň diňe zähmetiň hili barada barýar. Zähmetiň gymmatyny, şonuň bilen birlikde, işiň gymmatyny hem kesgitleýän zat şol hildir. Zähmete näme siňdirseň, netijesi-de şoňa görä bolýar. «Zähmet düşünjesiniň anyk kesgitlemesi netijelilikdedir» diýip, Gahryman Arkadagymyz gymmatly eserinde bu pikiri has çugdamlaýar.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar